Bir Sopunyn Kerwensaraýdaky Hyzmatkäre Öz Esegine Seretmegi Tabsyrysy Hakynda Hekaýat – Jelaleddin Rumy Balhi

BIR SOPUNYN KERWENSARAÝDAKY HYZMATKÄRE ÖZ ESEGINE SERETMEGI TABSYRYSY HAKYNDA HEKAÝAT

Alys ýoldan ýadap, gijigip gelen
Sopy bir saraýda düslärmen bolan.
Ol bir hyzmatkärin ýanyna baryp,
Öz garry esegini ona tabsyryp,
Ýolagçylan arasyna gosulýar,
Bu ýere gelenne köp hosal bolýar.
Alys-ýakyn ýerden bu taýa gelen
Saraý dolumysyn ýolagçy bilen.
Beýlekiler ýaly, töwerek-dasyn
Olam içgin-içgin synlaýarmysyn.
Düýpsüz hazynadyr kitap diýilýän
Ýöne bir däbem bar ozaldan gelýän.
Yslamyn diregi bolan kitaby
Ýokdur sopularyn okamak däbi.
Olar paý-pyýada örteýip jany,
Synsyrasyp, kest ederler dünýäni.
Ýarandyr olara ejir, howp-hatar,
Sol zatlar kitabyn deregin tutar.
Olaryn arzuwlan pursaty geldi –
Sopulara çaýdyr nahar çekildi.
Palaw iýip baslaýmaly bolanda,
Esegini ýada saldy o bende.
Hyzmatkäri tapyp, diýdi ol seýle:
«Esegme arpany köpüräk emle.»
«Olara seretmek bizin kärimiz ,
Sonun bilen mesgul köpden bäri biz.»
«Esegim garrydyr, bilip goý suny,
Owradyp hem ezip bergin iýmini.
Agyr ýükden ýadawdyr ol görgüli,
Ot-çöp bilen sypasdyrgyn böwrüni.»
«Kän ýyl boldy munda isläp ýörenim,
Su ýer menin gözüm açyp, görenim.
Myhmana, malyna hyzmat etmegi
Bilýän adam ýokdur bizlerden gowy.»
«Ýene-de bir berjek pendimi tutgun –
Ona berjek suwny az-kem ýylatgyn.»
«Hiç alada galman, haýysym sizden,
Nägile bolan ýok hyzmatymyzdan.»
«Ýatjak ýernin dasyn aýyryp gowy,
Unutma deregne çäge sepmegi.»
«Mana zat öwretme, sesini kes-de,
Senden gowy bilýän özüm kän esse…»
«Aýrawergin içirgisin, gannasyn,
Endamy çalyksyn, sünni ýenlesin.»
«Senin bu diýennem edäýmek kyn däl,
Walla, eýt-beýdinden sypmak mümkin däl.»
«Gijän sowugyna üsäýmez ýaly,
Üstüne ol-bi zat atgyn mazaly.»
«How, gadyrdan, üstüm gömüp sargytdan,
Göwnüme bolmasa, asýarsyn hetden.
Köp zatdan habardar alymam bolsan,
Menem öz isime zordugmy bil sen.
Indi köp ýyl bäri isim-aladam –
Eseklere hyzmat edýärin mydam.
Sen tabsyryklarny berjaý edere.
Gowsy, mana rugsat ber gidere.»
Sypaýy bas atyp, ondan daslasdy,
Sopunyn birhili mazasy gaçdy.
Hyzmatkär dynan dek agyr azapdan,
Isini bada-bat çykaryp ýatdan,
Öz-özi hos bolup misli bir çaga,
Sol sopun bolsuny gürrün bermäge.
Ugrady ýolunda kim gabat gelse,
Sargyt baryn eden sopumyz bolsa
Almak üçin gözlerinin awusyn,
Düsegni ýazynyp, uklady basym.
Rahadam ýatyp bilmedi bende,
Orasan zatlary gördi düsende.
Esegnin üstüne topulýar möjek,
Özi-de aç borly-zat goýman iýjek.
Janawer agsaklap, yza tesende,
Howpurgap, oýandy ol ýatan bende.
Ukusy sobada boldy zym-zyýat,
Doga okap baslady ol bada-bat:
«Eý, Allam, bendäni beladan gutar,
Kyn günde kim menin dadyma ýeter?
Näçe sargyt etdim hyzmatkäre men,
Aýdanym bolmady, tüýs biçäre men.
On meni ýigrenýän bolmagy mümkin,
Ýöne sebäp ýog-a beýtmegi üçin.
Adam hiç sebäpsiz bir is tutmaýar,
Hatda melguna-da zyýan etmeýär.
Dine iki jandar-ýylandyr içýan
Basarsalar, özgä ýetirer zyýan.
Möjek diýilýänem edil son ýaly –
Malyny parçalap gitmek hyýaly.
Adam tapawutly bolup olardan
Zyýan etmeli däl sebäpsiz ýerden.
Hyzmatkäre sübhäm ýok däl menin-de,
Bu – geçilmez hatam Allan önünde.»
Onun bu sübhesi esassyz däldi,
Esegi sol wagt gözgyny halda
Torba asaýmaly bolup sünkünden,
Gidipdi janawer halys enkinden.
Garny hepbik ýaly, gözi çylpyklap,
Bilenokdy hatda sünnüni saklap.
Olam öz ýanyndan gepledýär için:
«Ýer ala-ýurt ala» diýilýäni çyn.
Eger-de hyzmatkär bolmasa gyrpa,
Tapylardy mana bir gysym arpa.
Ejir üçin dörän jandar men, açyk,
Gutulma ýok borly kysmatdan gaçyp.»
Arpa nire? Hatda agyzdan galan
Hos boljakdy tapsa bede ýa saman.
Ahyr musakgatly gije-de ýetdi,
Älemi ýagtyldyp, nurly dan atdy.
Ir bilen haýdaslap gelen hyzmatkär
Seretse, esekde ýok ysgyn-mydar.
Eplenip ýatyrdy göýä küçen dek,
Özi-hä turarly däl onun entek.
Ýatan janaweri goýman ugruna,
Hyzmatkär bat bilen depdi böwrüne.
Ony eýdip-beýdip turuzdy basym,
Düzetdi garnyna süýsen gannasyn.
Esek biçäränin dili, agzy ýok,
Derdini hiç kime sözläp bilenok.
Sopam il ugruna ir bilen turup,
Esegini goýan ýerine baryp,
Barja gos-kötelni üstüne ýükläp,
Ýola düsdi on böwrüne hürsekläp.
Zordan ýöräp barýan ysgynsyz esek
Çökdi birden aýagyndan alnan dek.
Adamlar biçärän dasyn gallasyp,
Dikeltdiler ýerli-ýerden goldasyp.
Öz ýanyndan dürli çak urup her kim,
Anyklajak boldy esegin derdin.
Biri «Toýnakdaky dasdandyr»
diýdi, Biri «Gulakdaky basdandyr» diýdi.
Ýene biri sopa dikip tinkesin,
Barmagny çommaldyp, gataltdy sesin:
«Sen dälmi düýn gijän bir wagtyna çen,
Esegini magtap, ýürege düsen?»
Sopy diýdi: «Mana igenmän nedir?
Günänin ählisi hyzmatkärdedir.
Janewere uzak gije ot bermän,
Nä hala salanny özünem görýän.»
…Berilýän bos söz kän. Bolsan sen dana,
Tapjak bolgun saman içinden däne.
Gözlerine garap, hatda arwaham
«Alla beýik» diýse, ahmal bolma sen.
Ol dine göze çöp atmaga ökde,
Niýeti – uguny ýekelemekde.
Ýigrenji neseden keýpini köklän
Dostsurap, süýkense, ýüzüne bakman.
Bar kisä den gadyr goýmajak bolun,
Ýagsyny, ýamany saýlajak bolun.
Kim ýaýaplap, epilse sen önünde,
Bilip goý, pyçagy bardyr ýeninde.
Dostdur dusmanyny saýgarmaýanlar
Ahyry çykgynsyz kyn güne galar.
Ýada salyp bolsun sol hyzmatkärin,
Gözle sen özüni goraman tärin.
Düýbi çüýrük sütünlere daýanma,
Özgelerin hasratyna begenme.

Terjime eden we çapa taêêarlan: Kakabaê Gurbanmyradow

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.