Bir Halyfyn Leýlä Beren Sowaly Hem Ondan Alan Jogaby Hakynda Tymsal – Jelaleddin Rumy Balhi

BIR HALYFYN LEÝLÄ BEREN SOWALY HEM ONDAN ALAN JOGABY HAKYNDA TYMSAL

Halyf Leýlä diýen: «Kaýsyn sen diýip,
Dagda, düzde entäp ýörmegi haýp.
Men-ä bakyp senin görk-görmegne,
Gen galýan on Mejnun bolup ýörmegne».
Leýli ona beren seýle jogaby:
«Bilsen, herki zadyn bardyr sebäbi.
Dasdan, içden känem bolsa synlaýan,
Menin görküm dine Mejnuna aýan.
Son boýnunda men yskymyn webaly,
Bir sol mana iki dünýä wepaly.
Kim-baý, kimler-döwüm nana zar bolar,
Kimlen gözi açyk, any kör bolar.
Kime akyl-paýhas-göwün hoslugy,
Kimler saýlap alar dälibaslygy.
Hakykat hemise göýä bir çapar,
Ynamy güýçlülen gapysyn kakar.
Öwrülip öz bähbidinin guluna,
Guwanyp baýlygna-mal-u-puluna,
Ýörenlere gendir Mejnunyn haly,
Her kime dogrudyr öz saýlan ýoly.
Kynçylykdan gorkup, ansada bakan
Durmusda ahyry utulýar eken.
Synla gökde ganat gerýän bir gusy,
Kölegesi-on ýerdäki görnüsi.
Hiç many ýok gusun kölegesinde,
Sen ony uzak gün kowalasan-da,
Tutaryn diýp, asla etmegin hyýal,
Çünki ol – kölege, gusun özi däl.
Sen ony kowalap, bilmänson tutup,
Öldürerin öýdýän ýaýdan ok atyp.
Bir ok goýman, bosatsan-da okdanda,
Kölge-gaýyp bolar, gusam-asmanda.

Terjime eden we çapa taêêarlan: Kakabaê Gurbanmyradow

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.