Berkarar Bolsun – Mollanepes

Bizden salam bolsun Garaoglan hana,
Döwletiň eliňde berkarar bolsun.
Arap at, goç ogul, zynatdyr saňa,
Söýmek, münmek saňa ygtyýar bolsun.

Dünýä pany saraý, başga jaý degil,
Müň ýyldyz jem bolsun, dogan aý degil,
Dünýä ýalan, her haryslar han degil,
Her ýerde seýranyň lälezar bolsun.

Gelinler gaşyňda gaşlary ýaýdyr,
Her haýsy bir surat, Gün bilen Aýdyr,
Ak öýüň otagydyr, tagtdyr, saraýdyr,
Seniň bu destgähiň kimde bar bolsun.

Riýaýy mollalar sözlär ýetişmän,
Ol sözünden taňla köp eder puşman,
Pil bolsa hasymyň ger bolsa duşman,
Gaşyňda peşe dek bimydar bolsun.

Zynat üçin gelmiş pany jahana,
Hasanat depderiň çykmyş asmana,
Çar tarapdan gelen azyz myhmana,
Geýip, iýip-içmek ygtyýar bolsun.

Iki dünýä alla bersin myradyň,
Arşyň her künjünde ýazylmyş adyň,
Tilinde zikri sen ýakynyň-ýadyň,
Hakyň söwer guly medetkär bolsun.

Her kim zyýan kylsa sud-y-suz bilen,
Gara köňül bilen, sadyk söz bilen,
Bir duşman gözlese ýaman göz bilen,
Tilleri lal bolsun, gözi kör bolsun.

Özüň deýin bolmaz deňi-duşuňda,
Döwlet guşy mekan tutmyş başyňda,
Her iş tutsaň nazaryňda gaşyňda,
On iki ymam gaýyp gerek er bolsun.

Ruzy magşar sünnileriň ýarydyr,
Garyplar gamhory, howandarydyr,
Senden dogan ogul äriň äridir,
Ondan dogan ogul meger är bolsun.

Ryzkyň bostanynda açylmyş rizwan,
Bäş gün miýesserdir bu döwri, döwran,
Ýigitlik çagynda eýleseň seýran,
Dowamat düýrdügiň alma-nar bolsun.

Nepes diýr, halka, ýara sözüm ýok,
Bir näkesem, gaýratym ýok, püzüm ýok,
Mydam gaflatda men, gyşym-ýazym ýok,
Gamhorum kerem bagş, biribar bolsun.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.