Bela – Kerim Gurbannepesow

Meniň bir tanşym bar: adyn aýtjak däl.
Tapawudy näme – Meretmi, Kuly.
Wezipesi näme – onam aýtjak däl,
Tapawudy näme – kiçimi, uly.

Alýan aýlygy-da biziňki ýaly.
Hut biziňki ýaly aýagy, eli.
Ýöne bizden birje tapawudy bar –
Köpmüşin puly.

Nireden alýarka? Onam biljek däl.
Ýöne käte-käte gijände dili,
Gezelenje gelýär. Ýa-da çagyrýar.
Damaskmy,
Beýrutmy,
Müsürmi,
Çili –

Ynsan ömri hakda, azary hakda,
Armanly ölenleň mazary hakda,
Müňläp pajygaly mesele hakda,
Dünýäň derdi hakda, keseli hakda
Gürrüň edilende –
başyny ýaýkap,
«Hä-h şeýle-dä!» diýip, dem alyp uly,
Hyrçyn dişläp, için çekýärem weli,
Birden arasynda ýylgyraýýar ol
Ýadyna düşende
puly, puly, puly…

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.