Bedew – Magrupy

Bedew
Hak ezelde halk eýlemis,
Bir ajaýyp zatdyr bedew.
Jennet Byragy diýmisler,
Ýalançyda atdyr bedew.
Berse hanlar ýüz-mün tümen,
Sata bilmez seni münen.
Ak ýol kibi gyr-u-semen,
Çekilen bir hatdyr bedew.
Kakdyryp nalyn kümüsden,
Iýmiti dürli iýmisden,
Ýüwrüsi artykdyr gusdan,
Bahar öwsen batdyr bedew.
Goç ýigit münse üstüne,
Jyzasyn alsa destine,
Dest berse möwlam dostuna,
Ýigide gaýratdyr bedew.
Döwletýara ýoldas boldy,
Munly güni syrdas boldy,
Mana hemdem Serhos boldy,
Ýalnyza zürýatdyr bedew.
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.