Be-Eý! – Kerim Gurbannepesow

Ynha bir mele, gelin,
gözleri çanak ýaly,
Gabagy gaýmak ýaly,
syraty baýdak ýaly.

Gün ýerinde durmaýar,
Aý ýerinde durmaýar.
Aý geçýär, ýyllar geçýär,
mele gelin garraýar.

Şeýle gelinleň biri
geçip barýar köçeden…
Düýnem «Jeren gyzdyň» sen,
bu gün «Jeren eje» sen.

Düýnem «A-ýu, jigidim»,
indi «A-ýu, ýaşuly!»
…Klasdaş jan, biz şeýdip
Taşlaýarsmy ýaşlygy?!

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.