Bazarda Atyr Satylýan Ýerde Çasan Deri Eýleýji Hakynda Hekaýat – Jelaleddin Rumy Balhi

BAZARDA ATYR SATYLÝAN ÝERDE ÇASAN DERI EÝLEÝJI HAKYNDA HEKAÝAT

Deri eýlemekde hünärmen bardy,
Bir gün isi çykyp, bazara bardy.
Hosboý ysly atyr satylýan ýerde
O bende duýdansyz uçrady derde.
Her hili yslardan aýlanyp basy,
Birden çasdy ýatyberdi ol kisi.
(Ýagsymy, ýamanmy) tomasa bendi
Adam bary on dasyna ýygnandy.
Ýatyr ol çäserip, ýagdaýy agyr,
Märeke dasynda edýärdi gowur.
Biri diýdi: «Bu goh-galmagal nedir?
Basa her ne gelse, Allan isidir.»
Basga biri onun ýagdaýyn duýup,
Ýüzüne suw sepdi aýnalsyn diýip.
Olam ýöne suw däl, ýiti ysy bar,
Ysganyn bada-bat basyn aýlaýar.
Belki, sodur önem derdinin basy:
Ýatanyn ýakasyn ýyrtyp bir kisi,
Gamys sürtäp boýnuna hem dösüne,
Baslady ozaldan belet isine.
Iki adam ony az-kem dikeldip,
Aloe siresin burnuna eltip,
Ysgadan wagtlary diýdi bir tentek:
«Mun bolup ýatys-a tirýek çeken dek.»
Alladan idinsiz hatda çöp basy
Gymyldamaýanyn bilýär her kisi.
Bilmänsonlar derdin sebäbin asyl,
Diýdiler: «Çagyryn munun agasyn!»
Dogany haýdaslap, ýüwrüp gelende,
Itin pohy bardy onun elinde.
Eger anyklasan derdin sebäbin,
Ýenletmek kynam däl nähosyn tabyn.
Em etmekçi bolup hassa doganna,
Elindäki pohdan ysgatdy ona.
Kän wagtlap atyn ysyny alan
Öwrensip bilenok basga ys bilen.
Köneler aýdypdyr: «Bilin, her haçan
Basga hiç zat däl-de, kiri-kir açar.»
«Belli zat-doganym öwrenismedik
Ysyn ysgap, ýatyr özünden gidip.»
Diýip, dykgat bilen doganna bakdy,
Burnuna sol pohdan azajyk dykdy.
Sonam ony aýasynda owkalap,
Sürtdi endamyna çalan dek gülap.
Tanys ys burnuna urup nähosyn,
Gözlerini açyp, galdyrdy basyn.
Ysgynsyz bedenni kem-kemden dikläp,
Duranlan ýüzüne bakdy ýaltaklap.
Ol-a porsy ysa öwrenen bende,
An-paýhasyn hosboý ysyn alanda,
Özüni ýitirýär samsyk, ankawam,
Gerekdir sol pursat tapbilen dogan.

Terjime eden we çapa taêêarlan: Kakabaê Gurbanmyradow

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.