Baryp-Geleniň Galar – Kemina

Saglykda, ýigitler, baryp-gelişiň,
Dünýä öter, baryp-geleniň galar;
Bir dem ganymatdyr oýnap-gülüşiň.
Ahyry aglar sen, güleniň galar.

Pelek çarhyn çeker, öwrüler, tizdir,
Göçülen ýurtdur, ýörülen yzdyr,
Dünýä bir hoş surat owadan gyzdyr,
Gola düşmez, aşyk bolanyň galar.

Kemine diýr, hiç ýok ölmez gümanyň,
Soguryp alarlar emgenen janyň,
Terekä salarlar malu-mekanyň,
Oglan-uşak tamam bolanyň galar.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.