Bakylyk Daragtyny Gözlän Adam Hakynda Hekaýat – Jelaleddin Rumy Balhi

BAKYLYK DARAGTYNY GÖZLÄN ADAM HAKYNDA HEKAÝAT

Bir sahyr seý diýip ýazan dessanda:
«Bakylyk daragty bar Hindistanda.
Sonun miwesinden kim datsa, bilin,
Ona garrama ýok, ýok ona ölüm…»
Bu sözleri esden salaryn biri
Bolup baky ýasamagyn ýesiri.
Diýip: «Sol miweden alyp gel bäri».
Çapar gönderenmis Hindistan sary.
Sol täsin daragty tapman netinde,
Girenmisin çapar ülkän çetinden.
Ýurdun çar künjüni sökýär, selpeýär,
Emma ol daragta gabat gelmeýär.
Gözleýännin bos zatdygny bilenler
On üstünden gülüp, ýola salanlar.
Birnäçeler sorap ýagdaý, halyny,
Diýipdirler: «Tentekmi bu, dälimi?
Ol bendän sözlerne gülüp, ýansylap,
«Bu bikär is üçin bolma sen heläk».
Diýmän, odukdyryp önküden beter,
Gižže beripdirler: «Agtaran – tapar».
Aýlanyber ýurdun ýakyn, alsyny,
Ahyr maksadyna ýetir ol seni.
Bardygy-ha anyk seýle daragtyn,
Bir gün gabat geler, getirer bagtyn.
Ullakan daragt ol, goýry kölgeli,
Senin gözleýänin hut sol bolmaly.
Üç gulaç dagy bar ýogynlygy-da,
Ýol agyrdyr, ýöne gaýrat et, çyda».
Seý diýip, çaparyn ugun ýekeläp,
Bilseler-de onun boljagny heläk.
Onun sadalygna içi gülenler
Aldap-ogsap, ýene ýola salanlar.
Çekip ýene uzak ýolun ejirin,
Aý-ýyllarny bos gözlegde geçirip.
Tapdan düsüp, gubar inip gözlerne,
Sübhelenip netijesiz gözlegne.
Ol oýa batypdyr: «Sunça ýyl bäri
Sonsuz ýollar söküp, çekdim azary.
Gözleýän zadymdan tapylman derek,
Bar çeken azabym boldy biderek.
Halys tapdan düsüp, ysgynym gaçdy,
In sonkuja umyt uçgunym öçdi.
Salgymy kowalap gezdim su çaka,
Indi dolanaýyn ýurduma baka.
Ýöne ilki tapyp danalan birin,
Gür bereýin gören görgümin baryn.
Aýdaýyn düsenmi niçiksi hala,
Pata alyp, sonra düseýin ýola».
Tapyp ýurda belli dana, alymy,
Sözläpdir o bende ýagdaý halyny.
On gürrünni dinläp, soranmys alym
«Näme gözleýänni et mana mälim».
«Bir sahyr seý diýip ýazan dessanda:
«Bakylyk daragty bar Hindistanda.
Sonun miwesinden kim datsa, bilin,
Ona garrama ýok, ýok ona ölüm».
Hökümdarmyz — ýowuz salaryn biri
Bolup baky ýasamagyn ýesiri.
«Sol miweden alyp gel — diýip — bäri»,
Meni ýola saldy Hindistan sary.
Ýyllarmy geçirdim bikär gözlegde,
Tapdan düsdüm, gubar iýndi gözlerme».
Dana seýle diýen: «Bir zady bilin,
Ol daragtyn ady — bilimdir, bilim.
Onun saha-pudaklarna san ýetmez,
Datly miwesine her ynsan ýetmez.
«Öý ýykar — diýýärler — öteräk esden»,
Salgyma çapypsyn sen ozal-basdan.
Dine sol daragtyn miwesin dadan,
Baky ýasar, bolar bagtyýar adam».

Terjime eden we çapa taêêarlan: Kakabaê Gurbanmyradow

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.