Bägül – Kerim Gurbannepesow

Sataşypdym Saňa maý güni irden –
Sen aňyrdan çykdyň,
Men bardym bärden…

Ondan bäri geçdi ýüz toý, ýüz ölüm,
Toýda-da, ýasda-da bolduň sag elim.

Toýlarda – ýylgyrdyň,
ýygryldyň – ýasda.
Hiç ýerde dilimi etmediň gysga.

Kökleriň çuň ýaýrap, topragyň duşup,
Getirdiň Sen buşluk yzyna buşluk.

Ýüregini ýaryp garaňky gijäň,
Açylypdy gunça yzyna gunçaň.

Gunçalaryň sany artdykça her ýyl,
Gartaşdyň, gartaşdyň,
Gartaşdyň, bägül…

Pasyllaň yzyndan geçip pasyllar,
Aýy aý çalyşdy, ýyllary ýyllar.

Ýaşyl ýapraklaryň yşnagy söndi,
Görküň-de, reňkiň-de öňki däl indi.

Ýaňaklaň reňki-de öçüşip her ýyl,
Gartaşdyň, gartaşdyň,
Gartaşdyň, bägül…

Gyrmyzy ýaňaklaň gaçansoň reňki,
Olaryň ysy-da däl indi öňki.

Boýnuňam öňküden inçelen ýaly,
Boýuňam öňküden kiçelen ýaly.

Alkymyň ysy-da kemelip her ýyl,
Garradyň, garradyň,
Garradyň, bägül…

Gözlerime tozan gapdyryp birden,
Gaharly bir owaz pürküldi ýerden:

«Özi gurap,
Seni ýigdeltdi, bägül!
Jahylsyran bolup,
Aýnama, ogul!..»

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.