aýt Arzyň, Myhman» – Mollanepes

Diýdim: «Aşyklar şasy!»
Diýdi: «Aýt arzyň, myhman!»
Diýdim: «Geçgil günähim!»
Diýdi: «Ötdüm damja gan»,
Diýdim: «Tagtyň berkarar!»
Diýdi: «Şeýle bipaýan».
Diýdim: «Seniň deý şalar…»
Diýdi: «Ýokdur bigüman».
Diýdim: «Geldim. Guluň men».
«Tur git, – diýdi, – musulman!»
Diýdim: «Ol ne pissedir?»
Diýdi ki: «Dahan erer».
Diýdim: «Ol ne gumrudyr?»
Diýdi ki: «Zyban erer».
Diýdim: «Ak ýüzde hallar…»
Diýdi ki: «Reýhan erer».
Diýdim: «Bu niçik dondur?»
Diýdi: «Zerefşan erer».
Diýdim: «Ölsem arman ýok…»
Diýdi: «Dökme nahak gan».

Diýdim: «Zülpler owsunjy…»
Diýdi: «Dagdan geldi mar».
Diýdim: «Ne goşa alma?»
Diýdi: «Ak göwsümde nar…».
Diýdim: «Ol ne injirdir?»
Diýdi ki: «Bagda enar».
Diýdim: «Çille garydyr…»
Diýdi: «Onda gülgüzar».
. . . . . . . . . . . . . . . . . . . . .
Diýdim: «Bir posa bergil!»
Diýdi: «Bereý güldürseň».
Diýdim: «Hak aşyk menem».
Diýdi: «Käriň bildirseň».
Diýdim: «Ajyz myhman men».
Diýdi: «Gelgil, öldürseň».
Diýdim: «Bu ne sözdür, eý!..»
Diýdi «Gelgil, soldursaň».
Aldym derhal golumga.
Diýdi: «Göredir bagban…»

Golum saldym boýnuga,
geldi tawusym uçup,
Diýdim: «Gel imdi tutaý».
Diýdi: «Gül deý çyrmaşyp…»
Diýdim: «Wysalyň ýetir».
Diýdi: «Onda uçraşyp».
Galdy ýürek ornundan,
gitdi karar syçraşyp.
Aşyk Nepes bu gije
sürdi beýle çoh döwran…

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.