aýna» Teležurnalynyň Täze Ýyl Sanynda Okalan Goşgy – Kerim Gurbannepesow

Näme arzuwym bar
Aýal-gyzlara –
Aýna gelinlere,
Aýna gyzlara?

Aýna gözellere ilki arzuwym
Iki sany ganat: Zähmet hem Edep.
(Şol iki ganaty edinmeseler –
Alysa uçurmaz hiç hili mekdep!)

Ikinji arzuwym: Aýna gözeller
Aýna ýaly döwülmesin hiç haçan!
Elmydama
biz olary öweli,
Öz-özleri öwünmesin hiç haçan!

Aýna gelinlerden, aýna gyzlardan,
Aýna gözellerden ýene bir haýyş:
Leblerňize gözel sözler gelişýär.
Hiç haçan, hiç haçan
Geplemäň paýyş!

Arzuw diýen zadyň araçägi ýok.
Ýene bir arzuwym: ownuk gybatdan
Has belentde boluň!

Ownuk gybatlar
Käte mahrum edýär
Uly ganatdan.

Aýna gelinlerden, aýna gyzlardan
Ýene bir haýyşym, möhüm haýyşym:
Gabanç däl-de, Söýgi diýip düşüniň
Çyn erkegiň, goç ýigidiň käýişin!

Şahyrlar, elbetde, arzuwçyl bolýar.
Ýene bir arzuwym, uly arzuwym:
Köne ýyl kim-kimden öýkelän bolsa,
Täze ýylda geçsin şonuň ýazygyn.

Aýlar
Ýigidinden öýkelän bolsa,
Ýigitler
Aýyndan öýkelän bolsa,
Gaýynlar
Gelinden öýkelän bolsa,
Gelinler
Gaýyndan öýkelän bolsa –
Köne öýke Täze ýyla geçmesin,
Köne ýylda galsyn köne öýkeler.
Öýkelek külbikä meňzemesinler
Orta barmak ýaly Aýnabikeler!

Aýna gyzlar söýsün söýen şekilli,
Aýna gyzlar köýsün köýen şekilli.
Söýmeýän Aýnalar
söýmeýänine
«Ýok, söýemok!» diýsin
Diýen şekilli.

Aýnalar söýgide sypaýy bolsun,
Emma mahal-mahal bolsun gedemräk.
Lak atýan ýigidiň kimdigne görä –
Kä sypaýy bolsun,
Käte gödegräk.

Uzak ömür sürsün Nika aýdymy,
Jyzlanyň sesi dek bolmasyn üç gün.
Söýginiň iň uly synaglaryndan –
Arzuwym –
Aýnalar döwülmän geçsin!

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.