Aýdymçy – Kerim Gurbannepesow

Ýörände – ot çykýar gadamlaryndan.
Aýdanda – buz çykýar aýdymlaryndan.

* * *
«Uzynyň akyly giç gelermişin»
Diýipdirler. Dogrumyka bu nakyl?
Ýöne weli dogry bolmaly bolsa,
Ýokardan inmeýän bolarly akyl.

Ýogsa ilki bilen ýetip uzyna,
Ondan soň ýeterdi beýlekilere.
…Uzynmy siz, gysgamy siz – parhy ýok,
Eý, adamlar, ýere serediň, ýere.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.