Ayan Getirdi – Magrupy

Ayan getirdi
«Zeburny» Dawuda, «Injilni» Isa,
«Töwratny» Musaga aýan getirdi;
Hak ilçisi bir gün Jebraýyl emin
«Oka» diýp, resula «Gurkan» getirdi.
Çoh münni aldady dünýänin mähri,
Bir gün talh eder agzymy zähri,
Ol Rumy-Haýbaryn möhtesem sähri
Alynyn zarbyndan iman getirdi.
Aldag bilen Ýezit geçdi dasyna.
Rehm etmedi gözden akan ýasyna,
Kerbelada Ýezit Husaýn basyna
Göýä, diýr sen, ahyrzaman getirdi.
Hak permany bile kazasy ýetip,
Ol eziz jismini gara ýer ýutup,
Melekler ýyglasyp, pelek ýas tutup,
Üç güne çen älem duman getirdi.
Sahabalar sordy, berdi öwüdi,
«Sen ölinçän bizler ölsedik» diýdi,
Omaryn jeninde ölen ýigidi
Doga bilen resul aman getirdi.
Bu jahanda mensur olup Magrupy,
Maly-mülkün manzur olup Magrupy,
Biwepaga magrur olup Magrupy,
Sud istäp, özüne zyýan getirdi.
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.