Aýal Hakynda – Kerim Gurbannepesow

Aýal diýilýän zat – dünýäň diregi.
Aýal diýilýän zat – ömrüň şahyry.
Şondan ozal ýokmuş Ýeriň ýüregi,
Ol – dünýäň ozaly
Hem-de ahyry.

Aýal diýilýän zat – howanyň bugy.
Ýagyş diýilýän zat ýagmandyr bugsuz
Aýal diýilýän zat – gözleriň ýagy,
Göreç diýilýän zat
Görmezmiş ýagsyz.

Aýal diýilýän zat – Ýerdäki taňry.
«Aňry otur!» diýip aýdylmaz taňra
Aýal diýilýän zat – bir ene gumry,
Ýanyndan ýer bermez
Üçünji gumra.

Aýal diýilýän zat – seniň kemalyň,
Aýala görädir erkegiň reňki.
Aýal diýilýän zat – Seniň Aýalyň,
Ol diňe seňki!
Ol diňe seňki!

Aýal diýilýän zat – owadan ene.
Döreder bagrynyň görküne görä.
Gyzyny meňzeder öz enesine.
Ogluny döreder
Erkege görä.

Aýal diýilýän zat – şu günki gyzlar.
Ertirki eneler. Ýylgyrjak dişler.
Ýylgyrmajak dişler «Jäk-jäkli» bazar.
Ýakalardan çykjak
Ak süýtli döşler.

Aýal diýilýän zat – meň-de ykbalym.
Ol – çüýrän toraňňym. Ilkinji söýgim,
Aýal diýilýän zat – enem, aýalym:
Agym, gülkim, ünjim,
Ömürlik bergim…

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.