aý Imdi – Mollanepes

Wysalyndan gamgyn köňlüm açyldy,
Pyrkatyndan elip kaddym ýaý imdi.
Ýüzüň nury älem ara saçyldy,
Hergiz dogmaz özüň kimin aý imdi.

Muştakdyr roýuňa bu dünýä pany,
Ýoluňda gedadyr hanlaryň hany,
Keşt eýledim on sekiz müň jahany,
Hiç tapmadym bir zülpüňe taý imdi.

Säher ýeli zülpuň perişan eder,
Gamzaň okdur, jiger bagrym gan eder,
Görse bizi şum rakyplar taň eder,
Gyz, eýlegin öz goýnuňda jaý imdi.

Senden özge ýary gözüm görmesin,
Sensiz zowky alla maňa bermesin.
Sen bolmasaň, dünýä
bir dem durmasyn,
Ýykym-ýumrum bolsa,
diýmen «waý» imdi…

Nepes diýr, bir ýara bilim baglar men,
Aryf özüm, dost-duşmany saglar men,
Tä ölinçäm, Durdyhal diýp aglar men.
Gözlerimden dolup aksyn çaý imdi.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.