At Yagsydyr – Magrupy

At yagsydyr
Ýigide on bäs ýasynda
Söýgüli arwat ýagsydyr;
Andan son könlünin hosy,
Ýarag bilen at ýagsydyr.
Ysksyz ýürekde dert bolmaz,
Zaty namartdan mert bolmaz,
Barça adam jomart bolmaz,
Jaýynda hümmet ýagsydyr.
Gel, nesihat esit bizden,
Asa tagam geler duzdan,
Märekede bijaý sözden
Gury üýren it ýagsydyr.
Ýigitlik bir gyzyl gülsen,
Garrylykda öçer röwsen,
Gylykly-da bolsa herçen,
Gözele summat ýagsydyr.
Atdyr ýigidin ýoldasy,
Oguldyr döwletin basy,
Gyz-da bolsa konül hosy,
Ýigide zürýat ýagsydyr.
Ryzkyn dile gaýypdan,
Basyn gutulmaz aýypdan,
Heýwere näkes zagypdan, —
Ötsen müjerret ýagsydyr.
Magrupy, bilgenin söýle,
Goç ýigitnin waspyn eýle,
At bilen ýaragyn saýla,
Dusmana haýbat ýagsydyr.
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.