At Dakylmadyk Gahrymanlar – Kerim Gurbannepesow

Orta boýly, alçak agam
Öz dulunda ölmedi.
Bu wagta çen ýedi, sekiz,
On…
perzentli boljak agam
Gitdi, gaýdyp gelmedi.
Gitdi şeýdip
milýon-milýon
Atalardyr agalar.
Ine şeýdip önmän galdy
Ýene-de bir şonça milýon,
Ýene-de bir şonça milýon
Dünýa injek çagalar.

Käte-käte dürli oýlar
Hemra bolýar adama:
Düňýä injek şol çagalar
Düşdi şu gün ýadyma.

Şu setirlem şolar üçin
Bolsun – diýýän – ýadygär.
Olar atsyz bolsalar-da,
Ol ezizleň ady bar.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.