Asyrlaryň Yzasy – Kerim Gurbannepesow

Synyp-synyp dürli reňkli baýdaklar,
Yzda galdy pajygaly uzaklar…
Ýöne weli şonda-da
Puşkine degen oklar
Heniz-henizem gelip,
Ýüregime degip dur.

Geçip-geçip ötlem
-ötlem aý-ýyllar,
Yzda galdy kowçum
-kowçum menziller…
Ýöne weli şonda-da
Pyraga batan eller
Heniz-henizem gelip,
Demligimi bogup dur.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.