Arzym Aýdaýyn – Kemina

Dostlarym, geldim alysdan,
hana arzym aýdaýyn,
Döwleti–sahyp kerem,
soltana arzym aýdaýyn,
Gül içinde bir güli
-reýhana arzym aýdaýyn,
Peýkeri–sima melek
ruhana arzym aýdaýyn,
Köwserim, tuby kadym,
ryzwana arzym aýdaýyn.

Leýli hem Mejnun kibi
çöllerge ugraşdym bu gün,
Wamyku–Uzra bolup,
köp örtenip-bişdim bu gün,
Warka–Gülşadan beter
hunabalar içdim bu gün,
Arzy–Ganbar, Zöhre–Tahyr dek
ýanyp geçdim bu gün,
Çün olaryň yşkyna perwana,
arzym aýdaýyn.

Aşygy–Perhady gör,
Şirin zülaly istedi,
Dagy–daşy kül edip,
zowky-wysaly istedi,
Gurbaty Ýusup–Züleýha
ömri saly istedi,
Sagdyýu–Seýpelmelek,
Medhaljemaly istedi,
Janymy gurban edip,
janana arzym aýdaýyn.

Dawudyň ogly Süleýman
bir perizady görüp,
Bihasap leşger bilen kyrk
gije-gündiz ýol ýörip,
Çekdi Bylkysyň pyragyn,
kähriba dek sargaryp,
Ýedi ýyldan bir gowuşdy
Şasenem, aşyk Garyp,
Men gowuşmaý galdym,
ol armana arzym aýdaýyn.

Sen uçar sen, men ýorür men,
sen — perizat, men — beşer,
Salmyşam söwda başymny
herne gelse haýru-şer,
Geýdi çykdy aly-ýaşyl,
göýä bir älemgoşar.
Gün gezer gögüň ýüzünde,
şuglasy ýerge düşer,
Aýa aşyk bolmuşam,
asmana arzym aýdaýyn.

Dolduryp yşkyň meýinden,
berseler tas bile,
Ýedi weli, dört ýaran, ol
Hyzyr–Ylýas bir tas bile,
Çagyryp perýat eder men
her säher yhlas bile,
Bahry-yşka gir, Kemine,
dür talap guwwas bile,
Şamçyrag göwher üçin ummana
arzym aýdaýyn.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.