Artyp Baradyr – Magrupy

Artyp baradyr
Gardaslar, ne derman alaç kylaýyn,
Ýyl-ýyldan usýanym artyp baradyr;
Jan algyjy ulug Ezraýyl bizin
Tutup ýakamyzdan, dartyp baradyr.
Gör, eýýamyn sopusyny, pirini,
Alar haram eger bilse ýerini,
Gör, gardasym, sum ajalyn serini,
Garbalap, basalap, ýyrtyp baradyr.
Eý byradar, söýme loly aýaly,
Aldar seni, azdyr, köpdür hyýaly,
Bu dünýä bir kör syçan dek mysaly,
Kökümizden bir-bir kertip baradyr.
Bir kimseler gezer akyl gallajy,
Imanyny aldyr, galar ýyl ajy,
Niçik bolar bu seýtanyn alajy,
Azdyryp, goltukdan dürtüp baradyr.
Bahry-usýan derýasyna batyp sen,
Kän jöwherin ýeke saýa satyp sen,
Eý Magrupy, ne bihuda ýatyp sen,
Özünden kiçiler ýortup baradyr.
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.