Arkasyna Sirin Suratyny Çekdiren Kazwinli Hakynda Hekaýat – Jelaleddin Rumy Balhi

ARKASYNA SIRIN SURATYNY ÇEKDIREN KAZWINLI HAKYNDA HEKAÝAT

Kazwin säherinde kä kisilerin
Edýän islerine bir üns berin.
Näme düwýär o bendeler göwnüne,
Käsi arkasyna, käsi egnine
Çekdirip Sirin ýa Barsyn sekilni,
Saýýarlar özlerni ilden akylly.
Bir gün solar ýaly kawzinlin biri
Ilden saýlanmagyn bolup ýesiri,
Barypdyr-da hammamçynyn ýanyna,
Diýipdir gabarlyp, sygman donuna:
«Senden haýysym su: Görkez-de zorun,
Çekip ber arkama suratyn Sirin.
Gaýgyrma, gadyrdan, elinde baryn,
Bezese arkamy suraty Sirin,
Sir ýaly duýaryn özümi men-de,
Gen galyp seretsin her kim görende.
Hut Sirin kuwwaty gosulan deýin,
Ähli ýerde dösüm açyp gezeýin».
Suratkes hammamçy çykarman sesin,
Onun arkasyna sançdy innesin.
Kawzinli tisginip, sorady ondan:
«Wäk how, näme, aryn köýdümi mende?
«Ne beýle serraýlap turuzýan gopgun?
Men ýany birinji innämi sokdum».
«Sirin nirni ilki çekäýsem diýýän?»
«Guýruk tarapyndan basladym eýýäm».
«Çydar ýaly däl how, sokýan innäne,
So Siri guýruksyz çekende näme?»
Öz isinde edisi deý hemise,
Hammamçy ýene-de baslady ise.
«Indi nämesini çekýärsin Sirin?»
«Häzir-ä gulagna güýmenip durun».
«Innän sanjylysy göýä bir ajal,
Gulaksyz bolanda, bolmaýarmy sol?»
Hammamçy ýene-de innäni sokdy,
Kawzinlin agzyndan ah-perýat çykdy:
«Indi nämesini çekýärsin onun,
Innelen janymy aldy-la menin?»
«Men Sirin garnyny çekýän. Hä näme?»
«Çydar ýaly däl how ,halys innäne .
Agyrydan ýana üýtgedi tüýsüm,
Owarra et, garny basyny iýsin!»
«Akmagyn akmagy, pekgänin biri,
Sen nirede gördün garynsyz Siri?
Hiç kimin kem ýerem, artyk ýerem ýok,
Dünýe döräp, beýle zady gören ýok.
Isle, ha isleme-son üçin senem
Çydamaly borsun uwlap, ölsenem!»
Bos hyýaly ýüreginde beslesen,
Seýdip, ilden saýlanmagy islesen ,
Her hili ejire dözmeli borsun,
Ýa-da öz ugruna gezmeli borsun.
Göwün bermän howaýy ham-hyýala
, Kimler düsen bolsa arassa ýola ,
Esret görer, mydam niýetin, pälin
Onatlyga dikip, dowam et ýolun.
Bilip goý, islendik tekepbirligin
Anyrsynda musakgatyn barlygyn.

Terjime eden we çapa taêêarlan: Kakabaê Gurbanmyradow

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.