Äpet Selleli Alym Hem Ogry Hakynda Hekaýat – Jelaleddin Rumy Balhi

ÄPET SELLELI ALYM HEM OGRY HAKYNDA HEKAÝAT

Dolduryp içini hala-huladan,
Bir alym sellesin gaty ulaldan
Sellesi özine juda ýarýarmys,
So bolsuna medresä-de barýarmys
Içi duran esgi bölek-de-büçek,
Dasyndan garasan, uly bir gujak,
Sellesine haýbat berip ol alym
Barýan wagty syryp ýakasyn ýolun,
Bir tüýkesme ogry ony görüpdir,
Amatlyrak ýeri peýläp durupdyr.
Sypyryp basyndan gaba sellesin,
Ol ýerden garasyn saýlapdyr basym.
Alym gygyrypdyr: «Akmagyn biri,
Sana bir sözüm bar, gulak as bäri.
Sen ysnat getirip ogry adyna,
Bir sered-ä alyp gaçan zadyna.
Alar awun bilmeýänlen biri sen,
Nämäne ýaratjak zir-zibili sen?
Geregin so bolsa, nesip etsin, al,
Ýöne içini bir barlap gör owal».
Ogry onun aýdanyna eýerdi,
Bada-bat selläni çepbe çöwürdi.
Bir giden gyýkyndy döküldi ýere,
Ýeke zat ýok «Menki bolsun» diýere .
Bir bütin zat – olam sellänin dasy,
Muny görüp, ogryn aýlandy basy.
«Azap edip bir dereksiz zada men,
Galdym ýene ogry diýen ada men,
Kämahal hernäçe çeksen-de azap,
Dasky görnüsiçe bolmaýar köp zat…»

Terjime eden we çapa taêêarlan: Kakabaê Gurbanmyradow

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.