Aňsa – Mollanepes

Hindiniň awçysy çyksa şikäre,
Özge aw islemez, pil sesin aňsa;
Otag ören bolsa bilbili-zara,
Otaga ot salar, gül sesin aňsa.

Jereniň balasyn baksaň, bejerseň,
Suw ýerine şeker-şerbetler berseň,
Höregne gül berip, bir güni görseň,
Watandan el gögär, çöl sesin aňsa,

Gündize gün zynat, gijäge – mahtap,
Kümüş zäge mätäç, altyna – simap,
Derýa görki mähek hem dürri-naýap,
Bilur röwşen tapar, kül sesin aňsa.

Harsydünýä söýer teňňäni, maly,
Bir gün bitap bolup, gitse mejaly,
Dönüp-deprenmäge bolmasa haly,
Galar garysyna, pul sesin aňsa.

Jelep karar etmez ýeke är bilen,
Dostun görse, bolmaz kesbi-kär bilen,
Ýola gelmez taýak bilen, zor bilen,
Ýagşy zen daş gaçar, gel sesin aňsa.

Gula döwlet gelse bilmez agasyn,
Nakyldyr: har semrär – deper eýesin,
Kyrk çillede görseň doňuz çagasyn,
Bükürdi urar gaçar jul sesin aňsa.

Ýagşy zen suhanwer, bolsa sypaýy,
Ýüzi misli mahtap, on tördi aýy,
Gaçar bethüýlerden söz guran saýy,
Çyrag iba kylar, ýel sesin aňsa.

Bedasylyň köňli açylar, şer diýseň,
Hergiz gitmez, il derdine ýör diýseň.
Bahyllaryň jany çykar, ber diýseň,
Täzeden jan geler, al sesin aňsa.

Karun mülkün alsa bir är ýa tişi,
Pulum az diýr, her gün çeker käýişi,
Nuhuň ömrün hasyl etse bir kişi,
Ýakmaz gulagyna, öl sesin aňsa.

Nepes, sen sözleseň ulus illerde,
Bilbil şeýda bolar täze güllede,
Asal ezgil dahan içre tillerde,
Ary hüjüm eýlär, bal sesin aňsa.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.