Anonimçä – Kerim Gurbannepesow

Dünýäniň ýüzünde atsyz adam ýok.
Atsyz zadam ýok.

Durda Durdy diýýäs, Sergeýe Sergeý,
Tagta tagta diýýäs, taýaga taýak.
Serçä diýýäs, torgaýa torgaý,
Aýaga aýak,

Kellä kelle diýýäs, kirpige kirpik,
Ele el diýilýär, aýa-da aýa.
Diňe bir zat atsyz: ol hem burunyň
Aşak ýanyndaky kiçijik joýa.

Belki, senem şo ýerlerde goňşusyň.
Şeýle bolsa – ýurduň özüňe nesip!
Şol goşa gapyly galaň kölgesi
Seniň häsiýetiňe juda mynasyp.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.