Aman Kekilowa – Kerim Gurbannepesow

Asman diýseň
ýyldyz düşýär ýadyňa,
Ýyldyz diýseň,
asman düşýär ýadyňa.
Aman diýseň,
Söýgi düşýar ýadyňa,
Söýgi diýseň,
Aman düşýär ýadyňa.

Söýgi hakda kim ýazmady?
Gara ýazdy, Pomma ýazdy,
Çary ýazdy, bary ýazdy,
Menem ýazdym… hemme ýazdy.

Hemmejämiz nije ýyldyr,
Söýgi, söýgi diýip ýörüs.
Senem söýgä köýýäň weli,
Bizem sençe köýüp ýörüs.

Ýöne weli, hemmämizden beterräk
Söýgi sözi ýakyn Seniň adyňa.
Aman diýseň, söýgi düşýär ýadyňa,
Söýgi diýseň, Aman düşýär ýadyňa.

Gazetde-de žurnalda-da,
Efirde-de, kitapda-da,
Ekzamende, leksiýada-da,
Gürrüňde-de, dokladda-da

Söýgi sözi elmydama
Tirkeşip ýör Seniň bilen…
«Bahylçylyk etme!» diýip,
Tersleşäýme meniň bilen.

Hemmelere ýoldaş bolsun
Şunuň ýaly bahylçylyk!
Hemmelere ýoldaş bolsun
Elli ýaşyň kenarynda
Seňki ýaly jahylçylyk!

Arzuw edýän bu gün Saňa
Ýene-de bir şonça ýaşy,
Ýene-de bir şonça ýaşy,
Ýene-de bir şonça ýaşy!
Iki ýüz ýaş arzuw edýän!
Aý, näm etjek munça ýaşy?!

Arzuwyň hem çeni ýagşy,
Nebsimizi şaglatmalyň!
Tebigatyň kanunynam
Bir azajyk hormatlalyň!

Ýene-de bir elli ýaş-a
Gaňyryp hem alsa bolar.
Men-ä kän bir dawaçam däl,
Kyrk dokuzam bolsa bolar.

Emma ondan soňkusyny
Aman aga, özüň agtar.
Özüň şahyr, özüň alym,
Özüň wraç, özüň doktor…

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.