Akmeňli – Kemina

Ataşa — semender,
yşga — perwana,
Ýanar men, köýer
men günde, Akmeňli;
Her bir sözüň bermen
ýüz-müň dessana,
Ýanar men, köýer
men günde, Akmeňli!

Sen deýin görmedim ulusda-ilde,
Suraýy gerdende, bykynda, bilde,
Her ýaňagyň her reňde, her hilde,
Husnuň ile şöhle salar, Akmeňli.

Ýol ýöräňde iki goluň tellener,
Ak göwsüň üstünde mämäň ýellener,
Ilki agşamdan ýatjak ýeriň bellener,
Ýatsaň, ýanyň ýere degmez, Akmeňli.

Akmeňli, senden hem bu döwran öter,
Suraý gerdeniňde saçlaryň hatar,
Sypalap goýberseň, sagryňdan öter,
Tursaň, saçyň ýere deger, Akmeňli.

Saýrasa bilbiller, açylsa güller,
Aý geçer, gün geçer, öwrülmez ýyllar,
Huraman boýnuňa öwrülse gollar,
Zerre janda takat galmaz, Akmeňli.

Ýüz-müň jilwe bilen kylar sen makam,
Goýnuň pasly-bahar, açykdyr ýakaň,
Ak mämäňe çybyn gonan oglankaň,
Ulalaňda, yzy mälim, Akmeňli.

Kemine diýr, her hil reňkde öwser sen
Kemansyz atar sen, tygsyz keser sen,
Ýalançy bäş gündür, messan basar sen,
Altynjy gün munda goýmaz, Akmeňli.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.