ahyra Gerek Zatlar – Kerim Gurbannepesow

Şahyram il ýaly ýalaňaç dogýar.
Onsoň oňa köýnek gerek, don gerek.
Olam iller ýaly emýär, aglaýar.
Emzik gerek, emme gerek, nan gerek.

Olam oňýar iliň oňan ýerinde.
Ýöne bir zat oňa ilden kän gerek.
Oňa asman gerek, oňa ýer gerek,
Oňa gum, dag gerek, okean gerek.

Diňe kitap, okuw onuň üçin az.
Ol hem okan gerek,
hem dokan gerek.
Ýumruk ýaly bir kelläniň içinde
Hem aşyk, hem alym,
hem daýhan gerek.

Hem garry bolmaly,
hem ýaş bolmaly –
Ikisinem bile başarýan gerek.
Heniz juwan wagtyň kämil bolmaly,
Onsoň kämil wagtyň sen juwan gerek.

Bularyň daşyndan ýene iki zat,
(Onsuz-a mümkin däl,
ol hökman gerek)
Birisi uly zat, biri kiçi zat:
Göwün – kiçi, ýürek ullakan gerek.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.