ahyr – Kerim Gurbannepesow

Dünýäde köp boldugyça
uly şahyr kişiler,
Dünýäň bagty beýgeler,
dert-azary kiçeler,
Şeýledigin bilýändirler
ähli menden ulular,
Bilsin menden kiçiler.

Şahyryň şahyrlygy näme
bilen ölçeler?
Ony mydam ölçäpdirler
iň uly ölçeg bilen.
Şahyr çyn şahyr bolanda,
ykbaly örkli bolar
Dünýäň şu güni bilen,
dünýäň geljegi bilen.

Dünýäde köp boldugyça
şeýle şahyr kişiler,
Dünýäň ömri uzalar,
dert-yzasy kiçeler.
Şeýledigin bilipdirler
ähli bizden ulular,
Bilmelidir kiçiler.

Bilmeseler kiçiler
öňküdenem kiçeler.
Kiçeler-kiçeler-de,
öz-özünden gutarar.
Dünýäň şatlyk-hasratyny
bagrynda göterýändir
Uly şahyr eneler,
Uly şahyr atalar.

Şahyr ulaldygyça
öz halkyny ulaldar,
Halkyny ulaldýarmy
– dünýäni ulaldýandyr.
Özi-de bilýän däldir
özüniň şeýledigin:
Öz ömrüni gysgaldyp,
Il ömrün uzaldýandyr.

Garynjany basmaga-da
dözýän däldir çyn şahyr,
(Gapdalyndan sowlup
geçer ol ejizje jandaryň)
Ýöne weli il-gününe
bähbit boljagyn bilse,
Çeýnär başa-baş söweşde
gaplaňlaryň serdaryn.

Şony başarmadymy –
onsoň ömür boýuna
Ukusyndan mahrum bolar,
çeýnär ony ynsaby.
Ýaşar ol, göreşer ol
uly hasap boýunça,
Onuň ýigrendik zady
– dünýäň ownuk hasaby.

Gündeligin ýazandyr
uly hasap boýunça.
Ötende-de uly derdiň
azabyndan ötendir.
Onsoň mazar içinde-de
ýokdur oňa ynjalyk:
Ili-güni aglasa
– olam aglap ýatandyr.

Bir gün şeýle şahyryň
mazaryny gujaklap,
Saçlaryn perişan kylyp,
aglan wagty aýaly,
Mele toprak aşagyndan
çykanmyş güňleç owaz
«Ilim-günüm amanmy?»

Senem şeýle mazary
bagryň bilen gujaklap,
Gumun gözüňe sürtüp,
goýsaň oňa gulagyň,
Tämizligiň çyn bolsa,
owaz çykar guburdan:
«Niçiksi öz saglygyň?»

Şahyryň şahyrlygy
ozal – ahyratynda
Şu ýalňyz ölçeg bilen
ölçelipdir, ölçeler.
Özümden ulyny diňläp,
uýdum bu hakykata,
Uýsun menden kiçiler.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.