Ahat Bilen Muhat – Kerim Gurbannepesow

– Başdaşym Aýjemalym
Şeýle bir owadandy.
«Sen owadan däl!» diýip,
Alyp gitdi goşuny.
Ikinjim Akjemalym
Çalasowat, nadandy,
Çatyp bilmän geçirdi
Iki sözüň başyny…

Üçünjim Güljemalym
Baryp-ýatan tekepbir,
Iki agyz geplesem
Çytyp otyr gaşyny.

Ber maňa bir maslahat,
Indi nädeýin, Ahat?

– Başdaşyň Aýjemalyň
Şeýle bir görmegeýdi,
Gije-gündiz gabanyp,
Oýun saldyň başyna.
Ikinjiň Akjemalyň
Şeýle bir ýönekeýdi,
Sen ony akmak saýyp,
Öňne atdyň goşuny.

Üçünjiň Güljemalyň
Tekepbir däl, akylly,
Her samsyk gep aýdaňda,
Düýrükdirýär gaşyny.
Menden saňa maslahat:
Azyrak ýaňra, Muhat!

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.