aga – Kerim Gurbannepesow

Çagadyryn öýdüp
Ýörmegin, köşek.
Eýýäm ýetişensiň. Seniň ýaşyňda
Jahyllaň elinde aňňal döwlüpdi,
Küýze döwülipdi gyzlaň başynda.

Olar çydapdylar.
Çydarsyň senem.
Kyn diýip, zähmetden
gaçmagyn, oglum.
Çagalyk ajap zat. Ýöne sen ondan
Mümkingadar,
Irräk
Saýlanjak bolgun.

On bäşe ýetipsiň. Eýýäm uly sen.
On alta ýetseň-ä – eýýäm sen ärsiň.
Onsoň Gaýdar bolup (başyňa düşse)
Giden bir polka-da komanda biýrsiň.

Biz bolsa henizem seniň adyňa
Kä «köşegim» diýýäs,
käte-de «guzym»,
Emma toýnaklarňa köwşüm syganok.
Paltoňam meňkiden bir garyş uzyn…

Mölterýär,
Çiňerýär,
Oýlanýar guzym…
Näme jogap biýrkä?
Garaşýan… Emma
Ne «mä», ne «mö»,
ne «mo» – seza çykanok.
Dymýa.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.