Zamana Beýledir – Göze Ilmezler, – Magtymguly Pyragy

Zamana beýledir – göze ilmezler,
Her ýigidiň golda bary bolmasa,
Ýüz tümenlik sözüň şaýa almazlar,
Her kişiniň ygtybary bolmasa.
Ten bir dar kapasdyr, jan bir bagşydyr,
Tile gelen sözler köňül nagşydyr,
Otly, suwly tamug andan ýagşydyr,
Her ýurdyň öz bazary bolmasa.
Begzadalar galdy çopan tährine,
Ten kaçan döz getir ýylan zährine,
Bibat bolup, döner Lutuň şährine,
Her ülkäniň häkim äri bolmasa.
Dünýäde aňlardan aňlamaz kändir,
Bilmez bir beladyr, bilenler – jandyr,
Ol ýigitler adam tilli haýwandyr,
Söz aňmasa hem ykrary bolmasa.
Ýigide ýoksullyk ýaman beladyr,
Sözüni deň –duşdan gaýra saladyr,
Ýaman gylyk dosty duşman kyladyr,
Gurap galsyn il derkary bolmasa.
Hak her kime bir ýagşy ýar bermändir,
Sözi ahdyr içi doly armandyr,
Ýüz ýaşasa, bäş gün ömür sürmändir,
Her kimiň mynasyp ýary bolmasa.
Magtymguly, haka tabşyr özüňni,
Her namarda sarartmagyn ýüzüňni,
Terhosym bar terk etgil bu sözüňni,
Näçe gerek hyrydary bolmasa.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.