z Tutýaryn, Takdyr, Saňa Berdinazar Hudaynazarow

Ýüz tutýaryn, takdyr, saňa:
Derde duşsam, eme ýetir.
Agzym kepäp tebsiresem,
Dodagymy neme ýetir.

Altmyş ýaşyň eteginde,
Bu darajyk otagymda.
Gije uka batanymda,
Aman-esen daňa ýetir.

Şükürim bar, ýokdur nalam,
Perzent berdiň göwnüm halan.
Nazar ogluň, Sanjar balaň
Ýaşlarny bir çene ýetir.

Dünýäniň şu syryn açdym —
Düýn-ä geldiň, bu gün geçdiň.
Men ýalandan aşa düşdüm,
Indiberin Çyna ýetir!

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.