Yzzat, Hormat, Syn Etmegin, – Magtymguly Pyragy

Yzzat, hormat, syn etmegin,
Görüm görülmegen ýerde;
Akyl bolsaň, söz aýtmagyn,
Nobat berilmegin ýerde!
Akly Vagşylar unutmaz,
Gury agaja ýaprak bitmez,
Akylly är mesgen tutmaz,
Hulky söýülmegen ýerde.
Batyl galan aryk akmaz,
Her naşydan kerem çykmaz,
İt gözlemez, pişik bakmaz,
Supra ýaýylmagan ýerde.
Haj eýleseň, jara döner,
Gül açylsa, ha:ra döner,
Hyzmat etmek ha:ra döner,
Gadryň bilinmegen ýerde.
Namart goş üstünde harlar,
Orta-aş üstünde gürlär,
Söweş gurup, gylyç parlar,
Duşman görülmegen ýerde,
Öý içinde hyra döner,
Muhannes bir nere döner,
Tilki, şagal şire döner,
Söweş gurulmagan ýerde.
Parasat kyl, bakyp akla,
Goç yigidiň sözün hakla,
Magtymguly, diliň sakla,
Habar soralmagan ýerde.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.