Yz Umydyň Özüň Bilmez Adamdan, – Magtymguly Pyragy

Yz umydyň özüň bilmez adamdan,
Aňlamaz ol, a:m-u hasy näbilsin,
Ne tama bar hamr içen gedemden,
Buzahor ýagşyny, ýasy näbilsin.
Ýamana ýagşy söz ýokmaz, taşlanar,
Aňlar ýeriň aňlamasy güýçlener,
It ýalyň topraga dökseň hoşlanar,
Topragy, tabagy, tasy näbilsin.
Butparaz müň kylsa ruza-namazy,
Aňa nesip bolmaz behişdiň ýazy,
Älemi göterse ebriň owazy,
Eşitmez, ker pakyr sesi näbilsin.
Diňle sözüm, ner darbyny ner tanyr,
Har bakan har tanyr, mähek zer tanyr,
Eý, ýaranlar, är ýigidi är tanyr,
Namartlar ýagşyny, pisi näbilsin.
Magtymguly aýdar, sözlerim hakdyr,
Emma ki hak söze ten beren ýokdur,
Bir gözli diýmese, garadyr, akdyr,
Kör pakyr kümüşi, misi näbilsin.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.