Ýüzüm Ýar Ýüzüne Düşse, Tilim Alhamdulilladyr, – Magtymguly Pyragy

Ýüzüm ýar ýüzüne düşse, tilim alhamdulilladyr,
Eger gahryna ugruşsam, okyrym kulhualladyr.
Bu dergahy durar kurbet, erer ol hadiýn-wahdet;
Muhubettiň makamynda anyň ez waspy löwladyr.
Pelekler nerdibanydyr, zemin saýasyna mätäç,
Iki naleýni arşyň kellesinde täji-agladyr.
Eger misgin , egeer bir baý, taparmy sensiziň hiç bir,
Ýamandyrr aýralyk, eý-waý, arap labzynda weýladyr.
Jewaryňdan jydalarga, köýüňde jan pidalarga,
Seni istän gedalarga zekewat husnunda öwladyr.
Erer men bir günäkäriň, hemişe aşyky-zaryň,
Ýüzüň görmesem ol ýaryň, kaçan köňlüm tesallydyr.
Pyragy, niçe wagt oldy, habar tapmas men ol ýardan,
Ýanar men ataşy-yşka, bu ne terhos-töwelladyr.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.