Yşk Ýüregimde Gaýnap, Ýandyrdy Derdi Meni, – Magtymguly Pyragy

Yşk ýüregimde gaýnap, ýandyrdy derdi meni,
Tütünim bada berip, buluda gardy meni,
Pelek bilegim towlap, çarhyna sardy meni,
Hyrydar gözi birle kim gelip gördi meni,
Hijran ýagmyry ýagyp, gam sile berdi meni.
Gam sili birle gidip, yşk ülkesine baryp,
Hyýalym pikre dolup, aklymy ýel aparyp,
Ol haýrat meýdanynda men garyp galdym aryp,
Yşk hanjaryň çekibän, hijran ýüregim ýaryp,
Älemge destan eýläp, aftaba serdi meni.
Ne jeset içre jan bar, ne kuwwat galdy tende,
Hem serkeşte, hem haýran, bu işe boldum bende,
Ne hastaýam, ne bimar, ne murdaýam, ne zinde,
Gam hüjüm eýläp gökden, zemin sary inende,
Pelek elimden tutp, howala berdi meni.
Bir ahwala duş boldum, gam hüjm etdi, öldürdi,
Bu işiň seriştesin, yşk okudyp bildirdi,
Bu hala rehim inip, elim tutup galdyrdy,
Jemal bir jilwe berdi, içim şowka doldurdy,
Sözlemeýin neýläýin, ýaranlar, ýardy meni.
Magtymguly, begligim ýar jemaly gul etdi,
Wysal umydyn berip, ýüz tilli bilbil etdi,
Aýralyk oda saldy, pyrak turdy, ýel etdi,
Yşk çekdi zybanasyn, ýakyp-örtäp, kül etdi,
Hijran ferapiç (?) alyp, ýele sowurdy meni.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.