Yşk Ýolun Höwes Eýläp, – Magtymguly Pyragy

Yşk ýolun höwes eýläp,
Gelen barmy, ýaranlar?
Derdimni beýan etsem,
Bilen barmy ýaranlar?
Bolmuşam mesti-şeýda,
Hezar pişe, sed söwda,
Älemde men deý ryswa,
Bolan barmy, ýaranlar.
Daşym dert, içim bürýän,
Eder men nala-girýän,
Menim deý mesti-haýran,
Galan barmy, ýaranlar?
Ýalan dünýäde ýaýnap,
Gezer sen gülüp, oýnap,
Yşk metbehinde gaýnap,
Ölen barmy, ýaranlar?
Yşk düş bolsa bir merde,
Toz bolar, döner gerde,
Menim deý özün derde,
Salan barmy, ýaranlar?
Tap etmeýen zulumga,
Bardy halym ölümde,
Ýyglamaýyn halymga,
Gülen barmy, ýaranlar?
Magtymguly jan çekse,
Rehm etmezler, ýaş dökse,
Yşkyň ýolunda ýoksa,
Talan barmy, ýaranlar?
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.