Yşk Derýasy Doldy, Daşdy, Gaýnady, – Magtymguly Pyragy

Yşk derýasy doldy, daşdy, gaýnady,
Täze hyruç eýläp, gyzmaly boldum.
Köňül tagty möwç üstünde oýnady.
Anda guwwas bolup, ýüzmeli boldum.
Ýatyrdym düýş gördüm, tisgindim turdum,
Yşk bir müşgil işdir, okydym, gördüm,
Şowkun şirin gördüm, bu ýola girdim,
Imdi çäre ýokdur, dözmeli boldum.
Ýaryň ýeli ösdi, özi gizlendi,
Umyt elin gerdi, şunça gözlendi,
Hijran kuwwatlandy, yşk täzelendi,
Ol metbehde gaýnap, gyzmaly boldum.
Ýolda ýorukdyrdym çeşmi-jadyny,
Ölçerdim, el çoýdum yşkyň oduny,
Köňül gözgüsine ýaryň adyny,
Hekkaklyk eýleýip, gyzmaly boldum1.
Bu pikirden, bu hyýaldan daş bolup,
Nefsi-howa, kibir, kinden boş bolup,
Ol bazarda yşk talana duş bolup,
Belli, jandan umyt üzmeli boldum.
Gana-gana içdim dostuň zährini,
Zährin şypa sansam, salmaz mährini,
Bu göwrede gurlan köňül şährini
Yşka nöker bolup, bozmaly boldum.
Magtymguly, ol menzile, diýara,
Giren, gaýdyp çyka bilmez kenara,
Eý,ýaranlar, barmy bu ýerde çäre,
Örtenip, jowranyp gezmeli boldum.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.