Yşk Ataşyna Duşdum,perwana Boldum Imdi, – Magtymguly Pyragy

Yşk ataşyna duşdum,perwana boldum imdi,
Şowkuň közüne köýdüm,burýana boldum imdi,
Jismiň kebaba döndi,girýana boldum imdi,
Genç istýenler gelsin,beýrana boldum imdi,
Aýryldym agýarlardan,bigünä boldum imdi.
Çykardym başdan imdi dünýä höwesin mutlak,
Ne herşe aýak basdyň,dolaň,bir öziňe bak,
Kül bolup,ýelge sowrup,ol güzerde janyň ýak,
Lazym oldy okymak „ene-l hak-u“ „Min el hak“,
Meý içip meýhanadan,mestana boldum imdi.
Dünýä mende hezil etmez,men hem bähre almaz men
Odum ötgür, derdim çog, hoşwagt olup gülmez men,
Agyr baha älemni alty jöwge almaz men,
Dost kaýsy,düşman kaýsyparhyn ede bilmez men,
Hiç kimse aňmaz halym,aýana boldum imdi.
Bir makama duş boldum,pikir aňda pikre batdy,
Jan anda janym boldy essindengidip ýatdy,
Jeset ýolda ýok boldy,köňül özüň unutdy,
Yşk goşunny goşunny ýygyp,akyp mülkün dagytdy,
Talana berlip aklym,diwana boldum imdi.
Magtymguly,her zaman neýleýin olmaý girýan,
Pikir laýyna batdym,çyka bilmez men bir ýan,
Göwre harap, ten tupar,köňlümniň şehri weýran,
Jan ,jeset,til,akyldan aýrylyp,galdym urýan.
Iş geldi,başa duşdy,merdana boldum imdi.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.