Ýol Ugrunda Tikenli Ösümlik Eken Adam Hakynda Hekaýat – Jelaleddin Rumy Balhi

ÝOL UGRUNDA TIKENLI ÖSÜMLIK EKEN ADAM HAKYNDA HEKAÝAT

Bir ugursyz kisi atam döwründe
Nahal oturdypdyr ýolun ugrunda.
Ýaramaz zatmysyn onun ekeni,
Adamlara gün bermändir tikeni.
Biýz deý nesterinden awunýan känmis,
«Gopar!» diýseler-de, diýen etmänmis.
Tikenden bihabar kim düsse ýola,
Aýaklary bolýarmysyn persala.
Ýa sal-sal etdirip geýim-gejimin,
Çekýärmisin o tikenlen ejirin.
Hökümdar esidip bu ýagdaý hakda,
Buýranmysyn: «Ýok et, onyny çap-da!»
«Indiki hepdede çaparyn hökman»,
Diýip, ona söz berse-de, howlukman,
Gezip ýörenini anan hökümdar Diýen:
«Seni näme etsem, hakym bar.
Wagtyn seýle basym geçýänligini
Bilsen-de, bes etmän keçjallygyny,
Goparman ýigrenji tikenni sindem,
Rehim hantama bolýarmyn menden?
Bir zady bilmeýän borly sen, çaky,
Wagt geçdigiçe, daragtyn köki
Çuna gidýär, berdaslanýar, ýognaýar,
Adamlaryn welin güýji gowzaýar.
Su ýagdaýdan bihabar dek bolma sen,
Her zadyn wagtynda önün almasan,
Ötüsdirsen, eger deprenip haýal,
Sonra ula ýazýanyny ýada sal.
Ynsanda dus gelýän pis gylyklar dek,
Tikeninem ösýär, ýaýnaýar entek.
Her zadyn etmeli wagty bar, bilsen,
Son öni aldyrmaz – etmegin miltem».

Terjime eden we çapa taêêarlan: Kakabaê Gurbanmyradow

Hits: 8

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.