yllaryň Parhy – Kerim Gurbannepesow

Toraňňylaň saýasynda
inerçe dek böken günlem,
Gök ýylgynlaň arasynda
şöwür baryn çeken günlem,
Bir gözeliň ýaňagyna
posa baryn eken günlem,
Indi görsem – üç ýyl eken,
Bir günmükän öýdüpdim.

«Haçan geljek, agam?» diýip,
ak inişe çykan günlem,
Ýene gelip garyp çatmaň gap
böwründe çöken günlem,
Keçä gaçan gowurgany
jüýje ýaly çokan günlem,
Indi görsem – dört ýyl eken,
Müň ýylmykan öýdüpdim.

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.