Ykbalyñ Oýansa, Döwlet Ýar Bolsa, – Magtymguly Pyragy

Ykbalyñ oýansa, döwlet ýar bolsa,
Daga azy ursañ, daşy syndyrar,
Täleýiñ ters gelse, bagtyñ şor bolsa,
“Paluda” diýen aş dişi syndarar.
Ajalyñdan gorkup girseñ ummana,
Gorkudan ne peýda gidejek jana,
Ömrüñ ahyr bolup dolsa peýmana,
Haşhaşyñ samany başy syndarar.
Bar sözüne gulak goýgun bileniñ,
Ahyra hiç ýere ýetmez ýalanyñ,
Ömür saly artar alkyş alanyñ,
Gargyş galyndyrmaz, ýaşy syndyrar.
Akylyñ sözüne köñül söýüner,
Akmagyñ işine zehin käýiner,
Muhannes giñ ýerde akyl saýynar,
Dar ýerde akyly-huşy sandyrar.
Magtymguly, çölde gezennaşyny,
Bilik sorma, köp sürdi diýp ýaşyny,
Dar mejlisde doly berseñ käşini,
Aşyn iýe bilmez, käşi syndarar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.