Ýigrimi Tört Sagat On Iki Aýda, – Magtymguly Pyragy

Ýigrimi tört sagat on iki aýda,
Remezan diýerler aýyñ ýagşysyn.
Pena döwranynda, ýeriñ ýüzünde,
Şamy-şerif diýrler jaýyñ ýagşysyn.
Ýa, ýaradan kadyr, gudratyñ kändir,
Ol gudrat işlere akyl haýrandyr,
Pikir etmez, ýa reb, niçik pynhandyr,
Zulmat içinde goýduñ suwuñ ýagşysyn.
Gara guş ýaraşmaz beýik baglarda,
Gül üstünde bilbil saýrar çaglarda,
Ýeriñ arkasynda, gençli daglarda,
Aždarha eýelär zawuñ ýagşysyn.
Üýnüñ ýetse, arzyñ aýtsañ subhana,
Akyl haýran bolar däli-diwana,
Ýürekde dert bolup deger hem jana,
Şagal ýaryp gider awuñ ýagşysyn.
Yşk meni ýaýdyrdy, janym keseldir,
Dert başdan aşadyr, işim osaldyr,
Bu gadymdan bolup gelen meseldir,
Kirpi ýaryp gider gawun ýagşysyn.
Munus bolar dilin bilseñ wagşynyñ,
Hakyn nähak eýlemegin goñşynyñ,
Aklyñ bolsa, abyraýly kişiniñ,
Ýamanyn örtübän, ýaýyñ ýagşysyn!
Magtymguly, bu destury-zamana,
Ýagşyny ýygladyp, joşar ýamana,
Gardaşlary Ýusup deýin janana,
Rowa görmediler jaýyñ ýagşysyn.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.