Ýigit Köňlüne Sygynan, – Magtymguly Pyragy

Ýigit köňlüne sygynan,
Atyň görki reftarydyr.
Ile-ulusa hoş gelen-
Aş, gylyç, är güftarydyr.
Öňüň gara, ardyň gözle,
Hoş sözüň diý, gahryň gizle,
Sözlä bilseň, ýagşy sözle,
Halk ýamanyň bizarydyr.
Dünýä deraz, ömür galmaz,
Ajal gelse, çäre bolmaz.
Ne iş baryn adam bilmez,
Barça iş hakyn käridir.
Öter döwran, bermez salym,
Her kim jam berse, ber çalym,
Munda nobat sürse zalym,
Erte hak garyp ýarydyr.
Öz erkim bilen söz diýmen,
Gelejek ryzka gam iýmen,
Jahanda bar işden ýaman
Bir müminiň azarydyr.
Aňlamaz ugra gelmese,
Syrlaşarga ýar bolmasa,
Il-günde gadyr galmasa,
Söz hem ne derde däridir.
Magtymguly, sen dembe-dem,
Ahyret sary ur gadam,
Ýagşy-ýaman barça adam
Ajalnyň giriftarydyr.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.