Ýigit Halyň Garrylyga – Magtymguly Pyragy

Ýigit halyň garrylyga
Salaýyn diýseň,öýlengin.
Kethudalyk endişesin
Kylaýyn diýseň,öýlengin.
Kethudalyk gözel ýoldur,
Gaýgy garrydar,gam öldir,
Ýigitlik bir gyzyl gyldyr,
Solaýyn diýseň,öýlengin.
Öý,il gerek,ýorgun düşek,
Perzent bentdir,aýal-duşak,
Ýüke werzişgär,boz eşek.
Bolýyn diýseň,öýlengin.
Gezer sen oynap,dalaşyp
Galar sen gama bulaşyp
Hasrata ,derde ulaşyp
Galaýyn diýseň öýlengin.
Joşgun eder sen özünden
Aýrylyp sen hoş ýazyndan
Tükenmez derdiň yzyndan
Ýeleýin diýseň öýlengin.
Ýigitlik bir gyzyl gülşen
Garrylykda öçer röwşen
Guşak-guşak gara yöwşan
Yolaýyn diýseň,öýlengin.
Magtymguly,gezip her taý
Etmezdiň jahanda perwaý
Pygamber sünnetiňe berjay
Kylaýyn diýseň, öylengin.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.