Yhlas Bile Bir Kämile Gol Bergen, – Magtymguly Pyragy

Yhlas bile bir kämile gol bergen,
Ýeter bir menzile, ýetmeýin galmaz.
Derýa içre ýüzgen, çöllerde gezgen,
Dem hasabyn tükel etmeýin galmaz.
Çünki geldiñ bu ýalançy jahana,
Aýagyñ garamaý, bakdyñ asmana,
Pelek bazarynda iýdigiñ nana,
Adam ogly ömrün satmaýyn galmaz.
Hemrahym ýok, baryp syrym açarga,
Derdim togtaşarga, odum öçürge,
Dünýä bir menzildir gelip – geçerge,
Bu menzile gelgen, gitmeýin galmaz.
Pelek tomaşakär asmana çykyp,
Adamzat mal üçin ýüregin ýakyp,
Dünýä aždarhasy dem bile çekip,
Jümle – jandar tohmun ýutmaýyn galmaz.
Magtymguly, bu dünýäniñ döwletin,
Gelen göçer – çeker ölüm mähnetin,
Mydam ýörüderler ajal şerbetin,
Bu şerbetden hiç kim datmaýyn galmaz.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.