Ýetmiş Ýaşly Gardaş, Girmegil Ýaýa, – Magtymguly Pyragy

Ýetmiş ýaşly gardaş, girmegil ýaýa,
Okuñ ýola düşmez gezemek bilen.1
Guwanma kesekden gurlan binaýa,
Kesek bina tutmaz düzemek bilen.
Adamzatdan çykar adamlyk ysy,
Galp admyñ basym biliner misi,
Mümüne azar biýr adamyñ pisi,
Dönüp, dagwa tutar düz-emek bilen.
Uzak ýola bidöwleti baş etme,
Allanyñ emrinden köñlüñdaş etme,
Akmaga iç berip, syryñ paş etme,
Galbirde suw durmaz gözemek bilen.
Dost tutma köp ýaşly adam kösesin,
Baryn ýok diýr, boş görkezer kisesin,
Biribar boş etse aklyñ käsesin,
Ne peýda daşyndan bezemek bilen.
Owwal, Magtymguly, özüñ üzetgil,
Özüñni sen özgelere göz etgil,2
Az iýgil, az ýatgyl, söziñ az etgil,
Ne bar manysyz söz uzamak bilen.
*
1 “Okyň dally deşmez gezemek bilem” diýen nusgasy hem bar.
2 “Halk düne diýp, sen kyýamat göz etgil” diýen nusgasy hem bar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.