Ýedi Ýaşan Arap Atyň Şanynda – Magtymguly Pyragy

Ýedi ýaşan arap atyň şanynda
Mälim bolmaz, depe nedir, düz nedir.
Ýüňi ýeten goç ýigidiň ýanynda
Elli nedir, altmyş nedir, ýüz nedir.
Namart ogly gorky çeker meýdandan,
Agaç adam bolup görner her ýandan,
Muhannese ýol bermegil ýeläňden,
Seçe bilmez, duman nedir, toz nedir.
Sypah bolup, müneratyn bilmeýen,
Aryf bolup, öz yzzatyn bilmeýen,
Söhbet içre söz lezzetin bilmeýen,
Aňa bilmez mejlis nedir, saz nedir.
Garga ýiter baz, balaman jeňinde,
Görne bilmez ol meýdanyň deňinde,
Aç garyçgaý, algyr laçyn öňünde,
Müň ýygylsyn, ördek nedir, gaz nedir.
Magtymguly, söz joş eder tiliňden,
Muhannese ýol bermegil ýeläňden,
Bu hünärler geler, gelmez eliňden,
Tilden gelen bu jürýetli söz nedir?!
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.