Ýazygym Ýat Edip, Ýüzüm Çäk Edip, – Magtymguly Pyragy

Ýazygym ýat edip, ýüzüm çäk edip,
Säher nalyş bilen boldum girýana.
Dideden ýaş döküp, synam çäk edip,
Telbe dek özümi urdum her ýana.
Köňlümnigeçirdim jümle jahandan,
Ne jahandan, belki, el üzdüm jandan,
Hyzyrdan, Isadan, Şahymerdandan,
Hümmet istäp, bakdym suýy-asmana.
Asmanyň ýüzünden kehkeşan öçdi,
Nägehan üç äre nazarym düşdi,
Iki ýaşyl geýmiş, bir sefid puşly,
Gözüm gördi, tilim gelmez permana.
Biri gelip, elin gögsüme urdy,
Biri bir tyg bilen ýüregim ýardy,
Agzyma agzyn goýup, biri dem urdy,
Diýipler: “ Arzyň diýgil Şahymerdana!“
Bular beýle diýgeç, tilim açyldy,
Gana-gana meý-muhabbet içildi,
Köňlüme ýedi tewr sowal geçildi,
Diýdim: „Rugsat bolsa, gelsin zybana“.
Iki uzyn ärdir, bir gysga kaddyr,
Diýdiler: „Hoşwagtdyr, ýagşy pursatdyr“,
-Sözüň bolsa, sora-diýdiler-rugsatdyr,
Köňle gelen sözüň geltir beýana!“
Diýdim: „Gökden agyr, ýerden mert nedir?
Derýadan baý nedir, daşdan saht nedir?
Otdan ajyrak nedir bu jana?“
Diýrler: „Ýaman töhmet agyr asmandan,
Gaharsyz, ýagşy söz giňdir jahandan,
Mynapygyn köňli saht seňistandan,
Ähli-kanyg meňzär bahry-ummana.
Jebr etgujy soltan-ýakyjy közden,
Bahyldan dilesiň, sowukdur buzdan,
Pakyra jebr etmek-zäherdir suzdan,
Öwütdir bu sözler, bizden nyşana“.
Bular beýle diýgeç, ýerimden turdum,
Ýübrüp, elim etegine ýetirdim,
Mest boldum, sust boldum, aklym ýitirdim,
Gep-kelam tapmadym, galdym haýrana.
Diýrler: „Üç kişi bolduk ustadan,
Daýym destan bolsun älemde adyň,
Magtumguly, wagtdyr, iste myradyň…,“
Bu syry akmak açar ýa bir diwana.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.